Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin awtorlyk makalasynda HHR-iň başlygy Si Szinpiniň bäş ýyl mundan ozal öňe süren Ählumumy ösüş başlangyjy (ÄÖB) barada gürrüň berip, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň mysaly diýip atlandyrdy.
Ilçiniň bellemegine görä, Si Szinpin Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň umumy çekişmeleriniň barşynda ähli ýurtlar üçin özara bähbitlilik esasynda ösüşe ýetmegiň ugurlaryny kesgitläp, ÄÖB-ni öňe sürdi.
Szi Şuminiň aýtmagyna görä, bäş ýylyň dowamynda ÄÖB-ni 130-dan gowrak ýurt we halkara gurama goldady. Şol başlangyjyň çäginde ABŞ-nyň 23 milliard dollaryndan gowrak serişdesi çekildi, 1800-den gowrak hyzmatdaşlyk taslamasy durmuşa geçirildi we dürli ugurlar boýunça 200 müňden gowrak hünärmen taýýarlanyldy. Başlangyç 120-den gowrak ýurduň halklaryna peýda getirdi.
Ilçi Hytaý bilen Türkmenistanyň parahatçylyk hem-de ösüş meselelerine çemeleşmeleriniň bir-biri bilen çuňňur sazlaşýandygyny nygtady. Onuň aýtmagyna görä, «Hytaý — Merkezi Aziýa» gaz geçirijisiniň A, B we C şahalary eýýäm on ýyldan gowrak wagt bäri durnukly hem-de netijeli işleýär. «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň başlanmagy bilen bolsa iki ýurduň energetika hyzmatdaşlygy täze tapgyra çykdy. Şeýle hem oba hojalyk we ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň depginli ösýändigini, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň bolsa iki ýurduň arasyndaky köp boşluklary doldurandygyny belledi.
Szi Şumin Hytaý bilen Türkmenistany ösüş we rowaçlyk ýolundaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlar diýip atlandyrdy.







