GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Sinopec» kompaniýasy Türkmenistanyň we Hytaýyň nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň ösüşine goşant goşýar
17.08.2026

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin «Sinopec Petroleum Technology Corporation» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasyna baryp gördi. Diplomat kärhananyň önümçilik hem-de hojalyk işleri bilen tanyşdy.

Kompaniýa Hytaýyň nebiti gaýtadan işleýän hem-de nebithimiýa boýunça iň iri kompaniýasy bolan «Sinopec Group»-yň ýöriteleşdirilen golçur gurluş bölümidir. Ol nebit we gaz çykarmak boýunça taslamalarda guýulary burawlamak, tehniki hyzmat etmek hem-de inženerçilik goldawyny bermek ýaly hyzmatlary edýär.

Saparyň dowamynda ilçi «Sinopec Petroleum Technology Corporation» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň energetika ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşýan goşandyna ýokary baha berdi. Ol Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça strategiýasy bilen utgaşdyrylmagynyň çäklerinde açylýan taryhy mümkinçiliklerden peýdalanmagyň zerurdygyny belledi.

Szi Şumin hojalyk işleri alnyp barlanda kadalary berjaý etmäge, şeýle hem durmuşa geçirilýän taslamalaryň hiline berk gözegçiligi üpjün etmäge çagyrdy.