GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Lebap welaýatynda «IMPEROL» we «Şir ýag» motor ýaglarynyň önümçiligi artdyrylýar
15.08.2026

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Asuda akym» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmakda ýokary görkezijileri gazanýar. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.

Kärhana içerki bazarda-da, daşarky bazarlarda-da uly islegden peýdalanýan «IMPEROL» we «Şir ýag» haryt nyşanly motor hem-de çalgy ýaglaryny öndürmäge ýöriteleşendir. Kompaniýanyň önümçilik binýady Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda ýerleşýär we 3 gektar meýdany eýeleýär. Zawod ABŞ-dan, Türkiýeden hem-de Ýewropa ýurtlaryndan getirilen döwrebap, ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilendir. Şol enjamlarda 150 ussat hünärmen zähmet çekýär.

Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 20 müň tonna çenli önüm öndürmäge niýetlenendir. Önümleriň sanawy 25 görnüşden ybarat bolup, olaryň hatarynda sintetiki, ýarym sintetiki hem-de ähli möwsümlerde ulanylýan motor ýaglary, şeýle hem senagat, gidrawlik ulgamlary hem-de oba hojalyk tehnikasy üçin ýörite çalgy serişdeleri bar. Esasy çig mal hökmünde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümi ulanylýar. Ýerli çig maldan peýdalanmak önümiň ýokary hilini kepillendirýär we onuň özüne düşýän gymmatyny peseldip, sarp edijiler üçin elýeterli bahalary üpjün edýär. Taýýar önüm 1, 5, 20 we 25 litrlik plastik gaplara gaplanylýar. Şol gaplaryň önümçiligi hem zawodyň çäginde doly ýola goýlandyr.

Önümiň halkara hil standartlaryna laýyk gelmeginiň netijesinde, «Asuda akym» hojalyk jemgyýeti içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrýar we goňşy döwletlere eksport etmek mümkinçiliklerini ösdürýär. Şeýlelikde, kärhana Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýar.