Türkmenistanda elektroenergetika pudagyny ösdürmäge uly üns berilýär: ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, şeýle hem artykmaç elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän mukdaryny artdyrmak hem-de eksport ugurlaryny giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu işleriň çäginde ýurdumyzda welaýatlaryň energiýa ulgamlaryny birleşdiren bitewi halkalaýyn energiýa ulgamy döredildi.
«Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» üstünlikli amala aşyryldy. Welaýatlaryň energiýa ulgamlarynyň özara ätiýaçlyk üpjünçiligi üçin milli energiýa ulgamynyň çäginde olary halkalaýyn birleşdirmek boýunça işler alnyp baryldy. Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gysga wagtyň içinde dürli kuwwatlykly gaz turbinaly sekiz elektrik stansiýasy gurlup ulanmaga berildi. Olar sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün edýär, ekologiýa taýdan arassa energiýany öndürýär, sebitleriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyna hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam edýär.
Häzirki wagtda Aşgabat — Mary — Lebap — Daşoguz ugry boýunça bu sebitleriň energiýa ulgamlaryny birleşdirýän elektrik geçirijileri hereket edýär. Aşgabatdan demirgazyk-günbatara tarap Ahal — Balkan hem-de Balkan — Daşoguz ugurlary boýunça halkalaýyn energiýa ulgamynyň taslamasy amala aşyryldy. Munuň netijesinde welaýatlaryň arasynda kuwwatlyklaryň paýlanylmagyny hem-de ulgamyň kadaly işlemegini üpjün edýän Türkmenistanyň bitewi energiýa ulgamy döredildi.
Türkmenistan elektroenergetika ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlary bilen halkara hyzmatdaşlygyna uly üns berýär. Türkiýe Respublikasynyň «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasy ýurdumyzda birnäçe ähmiýetli energetika taslamasyny durmuşa geçirdi: Ahal welaýatynda iki elektrik stansiýasyny, Amerikanyň «General Electric» kompaniýasy bilen bilelikde Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde ýurdumyzda ilkinji bug-gaz elektrik stansiýasyny, şeýle hem paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda elektrik enjamlaryna hyzmat ediş we abatlaýyş merkezini gurdy. Häzirki wagtda şol kompaniýa Balkan welaýatynda ilkinji köpugurly Gün-ýel elektrik stansiýasyny gurýar. Türkmenbaşy etrabynda bug-gaz elektrik stansiýasynyň gurluşygy hem şu kompaniýa ynanyldy.
Arkadag şäheriniň açylmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň senagat-innowasion ulgamyny ösdürmek üçin kuwwatly itergi boldy, türkmen telekeçileri bolsa bu ugry işjeň goldaýarlar. Türkmenistanyň elektron senagatynyň ösüşi ýyl-ýyldan täze depginlere eýe bolup, ýurdumyzy täze tehnologik derejä çykarýar we importyň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen önümleri öndürmegiň kuwwatlyklaryny artdyrýar. Elektroenergetika pudagy elektrik energiýasynyň daşary ýurt bazarlarynda ýerlenilmegi bilen hem baglydyr, Türkmenistan bolsa halkara energetika hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeldýär.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti







