Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak, onuň önümçilik kuwwatyny artdyrmak hem-de bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmak Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan giň gerimli ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly ulgamlary hem-de ylmy tutumly innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagy döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitleýär. Uglewodorod serişdelerinden rejeli peýdalanmak hem-de känleri özleşdirmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda dünýä tejribesinde subut edilen öňdebaryjy tehniki-tehnologik çözgütler üstünlikli ornaşdyrylýar.
«Akylly» guýy tehnologiýasy guýyny tamamlamak üçin enjamlara birleşdirilýän dürli ölçeg gurallaryny hem-de ýerine ýetiriji mehanizmleri, şeýle hem ýerüsti sanly ulgamy öz içine alýan innowasion toplumdyr. Şeýle çözgüdiň esasy maksady gymmat bahaly hem-de töwekgelçilikli guýularda geofiziki barlaglary ýa-da düýpli abatlaýyş işlerini geçirmezden, gatlagyň gyzgynlygyna we basyşyna yzygiderli gözegçilik etmek hem-de akymy uzakdan dolandyrmakdyr.
«Akylly» guýy tehnologiýasynyň esasy artykmaçlygy elektronikany ulanmazdan çuňlukdaky ölçegleri geçirmegiň özboluşly usulydyr: guýynyň düýp zolagyna işjeň mikroshemalary hem-de ýarymgeçirijileri bolmadyk duýgur kwars elementleri goýberilýär. Ähli işler sanly signallara öwrülip, ýerüsti hasaba alyjy enjama geçirilýär, bu bolsa elektronikanyň ýylylyk täsirinden zaýalanmagynyň öňüni alyp, abzallaryň 10 ýyldan gowrak hyzmat möhletini kepillendirýär.
Toplumyň gurluşyna ölçeg çägi 130 MPa-a we +250°C-a çenli bolan ýokary takyklykly kwars manometrleri hem-de termometrleri, bir kabelde 200-e çenli modully, aýyryjylyk ukyby 0,005°C-dan ýokary bolan paýlanan «Termokosa» ulgamy, şeýle hem akymy dolandyrýan kiçi ölçegli elektrik klapanlary girýär. Daşky diametri 89 millimetr bolan bu klapanlar açyk guýy sütüninde ýa-da diametri 114 millimetr bolan hwostowiklerde zolaklary biri-birinden aýyrmaga we akymy saýlanan shema boýunça düzgünleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ýerüsti hasaba alyjy enjam −40°C-dan +85°C-a çenli gyzgynlyk aralygynda işleýär we Gün panelleri hem-de ýel generatory esasyndaky özbaşdak energiýa üpjünçilik ulgamyndan energiýa alýar.
Türkmenistanyň çägindäki gaz we gazkondensat känlerini işläp taýýarlamakda bu tehnologiýany ulanmak strategik ähmiýete eýedir. «Akylly» guýy tehnologiýasy gidrat emele gelmeginiň we guýularyň öz-özüni basmagynyň öňüni almak üçin suwlanan aralyklary ýüze çykarmaga hem-de biri-birinden aýyrmaga mümkinçilik berýär. Bu tehnologiýa ýokary basyşyň we gyzgynlygyň çylşyrymly şertlerinde bökdençsiz işleýär, çöllük ýerlerdäki uzakda ýerleşýän känlerde özbaşdaklygy üpjün edýär, şeýle hem drenaž profilini deňleşdirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa gazy çykarmagyň ahyrky koeffisiýentini ep-esli ýokarlandyrýar.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti







