GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanda mezozoý çökündileri nebitgaz çykarylyşyny artdyrmagyň geljekli ätiýaçlygy hökmünde kesgitlenildi
11.08.2026

Türkmenistanda nebitiň we gazyň çykarylyşy adatça orta pliosen çökündi toplumy, ýagny gyzyl reňkli gatlak diýlip atlandyrylýan toplum bilen baglanyşyklydyr. Emma soňky ýyllarda mezozoý toplumynyň çökündileri aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu çökündilere ýurdumyzyň çig mal binýadyny giňeltmegiň geljekli ugry hökmünde garalýar.

Muňa, ilki bilen, Kür çöketliginiň we Demirgazyk Apşeron epin zolagynyň ýokarky mel çökündilerinden, şeýle hem Gazagystandaky Oýmaşa käniniň mel we ýura çökündilerinden alnan nebit akymlary esas bolup hyzmat edýär. Mundan başga-da, Günorta-Günbatar Türkmenistanyň birnäçe meýdançasynda çuň guýular burawlananda we mezozoý toplumynyň çökündileri açylanda, nebitiň hem-de gazyň ep-esli alamatlary bellige alyndy.

Günorta-Günbatar Türkmenistanyň gury ýer böleginde pliosen çökündileri boýunça nebitiň başlangyç jemi gorlarynyň 70 göterimden gowragy agtarylan bolsa, häzirki wagtda mezozoý çökündilerine uglewodorod serişdeleriniň çak edilýän gorlarynyň takmynan 60 göterimi düşýär. Bu görkezijiler ýakyn geljekde geologiýa-gözleg işleriniň möçberini artdyrmagyň zerurdygyny görkezýär, bu bolsa ýurdumyzyň çig mal binýadyny artdyrmak üçin uly ätiýaçlykdyr.

Bellenilişi ýaly, geofiziki barlaglaryň maglumatlaryna görä, Günbatar Türkmen çöketliginiň çäginde mezozoý çökündileriniň galyňlygy 10 — 12 kilometrden az däldir, bu bolsa çökündileriň ýokary tizlikde toplanýandygyna şaýatlyk edýär. Çökündileriň galyňlygynyň paýlanyşy bilen nebitli fasiýalaryň ýerleşişiniň arasynda göni baglanyşygyň bardygy anyklanyldy: basseýniň nebitli bölekleri çökündileriň galyň toplanan zolaklary hem-de ýer gabygynyň uzak wagtlap we çalt aşak çümen ýerleri bilen gabat gelýär. Çökündileriň çalt aşak çümmegi basyşyň we gyzgynlygyň ýokarlanmagyna getirýär, bu bolsa nebitiň emele gelmegi üçin möhüm şertleriň biridir.

Ady agzalan çöketlik Türkmenistanyň iň uly we ýeke-täk nebitgaz çykarylýan sebiti bolmagynda galýar. Çöketligiň kaýnozoý çökündilerinde köp sanly nebit we gaz käni ýerleşýär. Alymlaryň çaklamagyna görä, uglewodorodlaryň emele gelmegi esasan has çuňda ýerleşen mezozoý çökündilerinde bolup geçipdir. Şol ýerden olar ýaryklar, jaýryklar we läbik wulkanlarynyň kanallary arkaly ýer astynyň ýokarky gatlaklaryna göçüp geçipdir.

Mezozoý çökündileriniň toplanmagy basseýniň uzak wagtlap durnukly çümmeginiň fonunda, dikeldiş ýa-da gowşak dikeldiş geohimiki şertlerinde bolup geçipdir. Muňa kesimiň litofasial aýratynlyklary we çökündileriň uly galyňlygy şaýatlyk edýär. Şuňa meňzeş geostruktura we fasiýa şertleri Azerbaýjanda, Gazagystanda, Eýranda we golaýdaky beýleki nebitgazly sebitlerde-de bellenildi. Şol sebitlerde iri nebit känleri içki geosinklinal we dagöňi çöketlikler bilen baglanyşyklydyr.

Mezozoý çökündileriniň geljekliligini goşmaça tassyklaýan delil hökmünde Garadepe käniniň 23-nji belgili guýusynda geçirilen synaglaryň netijeleri görkezildi. Şol synaglarda nebitgazlylyk alamatlary alyndy. Şeýle hem aşaky mel we ýura çökündilerinde, ýokarky mel, paleogen we miosen çökündileriniň toýun jynslarynyň gatlaklary bilen örtülen galyň kollektor gatlaklarynyň bardygy bellenildi. Neokom we ýokarky ýura çökündilerinde litologik düzümi hem-de kollektorlyk häsiýetleri boýunça karbonat jynslary agdyklyk edýär, bu bolsa olary uglewodorod ýataklaryny gözlemek üçin bitewi neokom — ýokarky ýura litologik-stratigrafik geljekli toplumy hökmünde aýratynlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti