Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran iş saparynyň dowamynda Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi. Taraplar ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy, hususan-da, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi taslamasyny, şeýle hem ulag hem-de elektroenergetika infrastrukturasyny ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşiklerde Türkmenistanyň we Owganystanyň hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýandyklary nygtaldy. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde gaz pudagy görkezildi. Bu pudakda halkara ähmiýetli iri infrastruktura taslamalary amala aşyrylýar. Owganystanyň Hyrat welaýaty möhüm üstaşyr merkez hökmünde ähmiýetli orun eýeleýär.
Tebigy gazyň gorlary boýunça Türkmenistanda iň iri bolan «Galkynyş» käni TOPH gaz geçirijisiniň resurs binýady bolup, taslamanyň esasy üpjünçilik çeşmesi hasaplanýar. TOPH Türkmenistanyň milli ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen transmilli taslamadyr.
Abdul Gani Baradar Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Bilelikdäki taslamalaryň arasynda TOPH gaz geçirijisi, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisi we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy möhüm orun eýeleýär. Onuň aýtmagyna görä, bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň ilatyna energiýa üpjünçiligi babatda amatlyklary we täze iş orunlaryny döreder, şeýle hem owgan maýa goýujylaryna tebigy gazdan elektrik energiýasyny öndürmek üçin şertleri üpjün eder.
Abdul Gani Baradar TOPH taslamasy boýunça işleri ilerletmek maksady bilen iki ýurduň ugurdaş edaralarynyň arasynda yzygiderli özara gatnaşygy ýola goýjak bilelikdäki mehanizmiň döredilmeginiň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem ol owgan tarapynyň gaz pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistanyň tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Bellenilişi ýaly, elektroenergetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk degişli infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga we Owganystanyň sebitlerini elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisini we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny döretmek baradaky başlangyç Türkmenistana degişlidir. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurtlaryň arasynda sanly hyzmatdaşlygy we elektron maglumat aragatnaşygyny ösdürmäge mümkinçilik berer.
Owganystanyň Hyrat welaýatynyň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekildi: Türkmenistandan tebigy gazyň we elektrik energiýasynyň iberilmegi bu welaýatda iri senagat zolaklaryny özleşdirmegiň depginini artdyrmaga şert döredýär, bu bolsa Owganystanda täze iş orunlaryny döretmek we abadançylygy üpjün etmek üçin möhümdir.







