«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Owganystanyň «Afghan Gas» döwlet korporasiýasy türkmen gazyny Owganystanyň Hyrat welaýatyna ibermek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Resminama welaýatda ugurdaş gaz infrastrukturasyny döretmek, senagat kärhanalaryny, elektrik stansiýalaryny we ilaty türkmen gazy bilen üpjün etmek boýunça bilelikde iş alyp barmagy göz öňünde tutýar.
Gol çekmek dabarasy 10-njy awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystana amala aşyran iş saparynyň dowamynda Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň «Islim-Çeşme» serhetýaka zolagynda geçirildi. Saparyň öň ýanynda Gahryman Arkadagymyzyň Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi.
Abdul Gani Baradar Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň iki halkyň taryhy kökleriniň ýakynlygyna hem-de medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýandygyny belledi. Ol Türkmenistanyň sebitde durnukly ösüşe ýardam berýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny nygtady we Türkmenistanyň owgan halkyna yzygiderli berýän ynsanperwerlik kömegi üçin hoşallyk bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bolsa Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk statusyna esaslanyp, sebitde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň tarapdarydygyny belledi we Owganystan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Dabarada bellenilişi ýaly, TOPH (Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan) gaz geçirijisi hem-de onuň «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýan Serhetabat — Hyrat bölegi türkmen-owgan hoşniýetli goňşuçylygynyň nyşanydyr. Şol bölegiň gurluşygyny tamamlamak üçin döwrebap ýöriteleşdirilen tehnikalaryň 300-e golaýy ulanylýar.
Dabara tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bilen bilelikde özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi mynasybetli toý sadakasyna gatnaşdy.







