GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Hazar deňziniň türkmen bölegindäki «Magtymguly» käninde A8 guýusy senagat ähmiýetli gaz akymyny berdi
10.08.2026

Hazar deňziniň türkmen bölegindäki «Magtymguly» gaz käninde A8 belgili ulanyş guýusyndan bir gije-gündizde 1 million 300 müň kub metrden gowrak senagat ähmiýetli tebigy gaz akymy hem-de 130 tonna golaý gaz kondensaty alyndy.

A8 belgili ulanyş guýusy «Toplum-1» şertnamalaýyn çäginde 4 müň 981 metr çuňlukda burawlandy. Häzirki wagtda guýyny özleşdirmek boýunça işler başlangyç tapgyrda dowam edýär, geljekde bolsa alynýan önümiň möçberiniň artmagyna garaşylýar.

Bu işler Malaýziýanyň «PETRONAS Carigali Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň «Türkmennebit» döwlet konserni bilen baglaşan Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşygynyň çäklerinde alnyp barylýar. Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan deňiz bloklaryny özleşdirmekde halkara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär.

Soňky 30 ýylda Hazar deňziniň türkmen böleginde we kenarýaka zolagynda 5 sany döwrebap platforma gurlup, 40-a golaý gözleg, baha beriş we ulanyş guýusy burawlandy. Bilelikdäki işleriň netijesinde Hazar deňzinden 44 milliard kub metrden gowrak gaz we 16 million tonna suwuk uglewodorod çykaryldy.

Hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 19-njy we 20-nji deňiz bloklaryny özleşdirmek, şeýle hem 11-nji, 12-nji, 13-nji we 14-nji bloklarda 2D-seýsmiki barlaglary geçirmek göz öňünde tutulýar.