«Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň Maglumat-seljeriş merkezi parnik gazlarynyň zyňyndylaryna emeli hemra tehnologiýalary arkaly gözegçilik etmegiň we olary werifikasiýa etmegiň häzirki zaman usullaryna bagyşlanan birnäçe onlaýn okuw sapagyny geçirdi. Çäre Ählumumy metan borçnamasyny durmuşa geçirmegiň çäginde guraldy.
Okuwa «Döwletabatgazçykaryş», «Marygazçykaryş», «Lebapgazçykaryş» önümçilik müdirlikleriniň, suwuklandyrylan gaz öndürýän kärhananyň hem-de «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar.
Maksatnama ekologiki monitoringiň esasy ylmy-tehniki taraplaryny öz içine aldy. Gatnaşyjylara emeli hemra arkaly zondirlemegiň we spektrometriýanyň fiziki esaslary, gazlaryň konsentrasiýasyny kesgitlemegiň matematiki algoritmleri hem-de maglumatlaryň takyklygyna baha bermegiň usullary barada gürrüň berildi. Halkara standartlara, ýagny metanyň syzmalary barada öňünden duýdurmak we olara çäre görmek boýunça IMEO MARS ulgamyna, walidasiýa standartlaryna, şeýle hem OGMP 2.0-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň kadalaşdyryjy binýatlaryna aýratyn üns berildi. Amaly bölümde metanyň fiziki-himiki aýratynlyklaryna, nebitgaz pudagyndaky syzmalaryň mehanizmlerine, olary azaltmagyň mümkinçiliklerine hem-de zyňyndylary 2030-njy ýyla çenli azaltmak boýunça Ýol kartasyna garaldy.
Okuwa gatnaşyjylar «sorag-jogap» görnüşinde tejribe alyşdylar we ýurdumyzyň gaz pudagynyň desgalarynda ekologiki monitoringiň takyklygyny ýokarlandyrmak üçin öňdebaryjy sanly gurallary ornaşdyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.







