GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň birža söwdalarynda nebitgaz we dokma toplumynyň önümleri satyldy
10.08.2026

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň önümlerine isleg bildirildi.

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «BND 60/90» kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny «TPP D 30 S» kysymly polipropileni we umumy nebit koksyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Şeýle hem geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda nah çig matany we çig ýüpegi satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Daşarky bazarda nah ýüplügi we buýan köküniň goýy ekstrakty ýerlenildi. Olar türkiýeli we serbiýaly telekeçiler tarapyndan satyn alyndy.