«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň birinji we ikinji ýyl talyplary şu okuw ýylynda konserniň desgalarynda okuw hem-de önümçilik tejribeligini üstünlikli geçdiler. Tejribelik sapaklary mugallymlaryň ýolbaşçylygynda we pudagyň tejribeli hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
«Elektroenergetika ulgamlarynyň awtomatizasiýasy we rele goragy» hem-de «Senagat enjamlaryny gurnamak we tehniki taýdan ulanmak» hünärleri boýunça okaýan birinji ýyl talyplary awtomatlaşdyrylan desgalarda üýtgeýän we hemişelik tok bilen işleýän elektrik enjamlaryny programma arkaly dolandyrmagy, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň döwrebap awtomatik ulgamlaryny sanly dolandyrmak tehnologiýalaryny özleşdirdiler.
«Nebit-gaz geçirijilerini we nebit-gaz ammarlaryny gurmak we ulanmak» hünäri boýunça okaýan ikinji ýyl talyplary «Türkmengazakdyryş» önümçilik birleşiginiň Döwletabat — Derýalyk baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Şatlyk» gaz gysyjy desgasynda tejribelik geçdiler. Halypalar talyplary gaz gysyjy agregatlaryň işleýiş ýörelgeleri hem-de himiki barlaghanada tebigy gazyň hiline gözegçilik etmegiň usullary bilen tanyşdyrdylar. Bu desgada «Galkynyş» we «Döwletabat» gaz känlerinden gelýän tebigy gaz sowadylyp, ýokary basyşda baş gaz geçirijisi arkaly «Garagum» gaz gysyjy desgasyna iberilýär. Geljekki hünärmenler tehnologik aýlawy, enjamlaryň spesifikasyny, gazçylaryň işini we çig malyň eksporta ugradylyş işini öwrendiler.
Direktoryň amaly okuw boýunça orunbasary Garry Agageldiýewiň belleýşi ýaly, «Nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamak», «Nebit we gaz guýularyny düýpli abatlamak», «Nebit-gaz känlerini agtarmak we ulanmak», şeýle hem «Gözegçilik-ölçeg abzallary we awtomatika» hünärleri boýunça okaýan talyplar konserniň «Marygazçykaryş», «Türkmengazawtomatika» müdirlikleriniň hem-de beýleki bölümleriniň desgalarynda tejribelik geçdiler. Onuň sözlerine görä, okuw-önümçilik maksatnamasy doly ýerine ýetirilip, tejribeligiň ýokary guramaçylykly we netijeli geçirilmegini bölüm müdirleri Nagmatmyrat Bäbekow, Serdar Orazdurdyýew, Selbi Ýagmyrowa hem-de professor-mugallymlar düzümi üpjün etdi.







