GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Aşgabatda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça gepleşikler geçirildi
08.08.2026

7-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işler ynanylan wekili Kristin Hokins bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Şunda halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda bilim we sport babatdaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, bilelikdäki taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmek meseleleri boýunça pikir alyşyldy.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda geçiriljek bilelikdäki çäreleri guramak bilen bagly meselelere garaldy.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gün tertibiniň giň gerimli meseleleri boýunça yzygiderli dialogy dowam etdirmäge hem-de konstruktiw hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.