GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Nebit koksy we nah ýüplügi Türkmenistanyň birža söwdalarynyň esasy önümleri boldy
08.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 7-nji awgustda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen umumy nebit koksyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda türkiýeli işewürler Türkmenistanyň telekeçilerinden nah ýüplügini satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 150 000 000 manada we 43 340 ABŞ dollaryna deň bolan 8 geleşik baglaşyldy.