GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýörişi amala aşyrdy
08.08.2026

7-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ir säher bilen Hazaryň kenarynda welosipedli ýörişi amala aşyrdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz welosipedli gezelenjiň dowamynda soňky ýyllarda keşbi tanalmaz derejede özgeren «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp gözelliklerini synlady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen şähergurluşyk maksatnamasynyň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi netijesinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara maslahatlaryň, forumlaryň, beýleki çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Şonuň bilen birlikde, deňiz kenarynda sport çäreleriniň hem yzygiderli guralýandygyny bellemek gerek.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa watandaşlarymyzyň giň goldawyna eýe bolup, olar ýurdumyzda yzygiderli guralýan sport çärelerine uly höwes bilen gatnaşýarlar. Munuň özi saglygy berkitmäge, ýaşlarda tebigata aýawly garamak duýgusyny ösdürmäge ýardam berýär. Iň esasysy bolsa, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleri saglygy berkitmekde möhüm orny eýeleýär.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilýär. Munuň özi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň asylly ýörelgeleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Türkmenistanda sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, milli hem-de ählumumy derejede durnukly ösüşiň wajyp ugry hökmünde ekologik abadançylygy üpjün etmek meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Bu ýörelgeler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan işlerde-de öz beýanyny tapýar. Syýahatçylyk we şypahana zolagynyň ähli çäklerinde arassaçylygyň, ýokary ekologiýa derejesiniň üpjün edilmegine zerur üns berilýär. Bu bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň syýahatçylyk hem-de şypahana zolagy hökmündäki ähmiýetini artdyrýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz welosipedli ýörişiň dowamynda Hazar deňziniň giňişligini synlady. Deňziň asuda tolkunlary çarlaklaryň owazy bilen utgaşyp, ynsan kalbynda täsin duýgulary döredýär. Bu künjegiň hoştap howasy deňziň kenarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň tutuş çäginde ýokary ekologiýa ýagdaýynyň saklanýandygyny we bu ýerde ýakymly howa gurşawynyň emele gelendigini äşgär edýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde döredilen tokaý zolaklary, seýilgähler Hazaryň kenarynyň esasy bezegine öwrülen dürli maksatly binalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Bu ýerde her ýylda köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi deňiz kenaryndaky bagy-bossanlygyň çägini giňeltdi.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek, gözel tebigatymyzy, onuň täsin ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, Hazar deňziniň biodürlüligini baýlaşdyrmak ugrunda möhüm işler ýerine ýetirilýär. Bu bolsa Watanymyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyny görkezýär.

Awazada dynç alýanlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny, olaryň wagtyny peýdaly geçirmekleri, saglygyny berkitmekleri üçin ýokary derejeli hyzmatlaryň hödürlenýändigini bellemek gerek. Bu ýerde amatly dynç almak üçin ähli zerur şertler döredildi. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsidir.

Soňky ýyllarda tutuş Türkmenistanda bolşy ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Lukman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, hereket etmek, gezelençleri amala aşyrmak hem-de boş wagty peýdaly we işjeň geçirmek ynsan saglygyny berkitmegiň möhüm şertleriniň biridir. Şunda ulagyň ekologik taýdan arassa görnüşi bolan welosipede uly orun degişlidir. Welosiped ynsan saglygyna oňyn täsir edýän sport ulagy hökmünde hem uly meşhurlyga eýedir.

Welosipedli gezelençler saglyk üçin örän peýdaly bolmak bilen bir hatarda, daşky gurşawyň gözelligini synlamaga-da mümkinçilik berýär. Boş wagtyňy açyk howada geçirmek, aýratyn-da, säher çagyndaky gezelençler ruhuňy belende göterýär, güýç-kuwwatyňy artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda Türkmenistanda welosiped sportunyň muşdaklarynyň sanynyň artýandygyny nygtamak zerur. Munuň özi welosportuň ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir.

Hazaryň kenarynda döredilen tebigy dynç alyş zolagynda ajaýyp şypahanalar, sagaldyş-bejeriş bölümlerini öz içine alýan myhmanhanalar, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, maşgala bolup dynç almak üçin niýetlenen kottejler ýylyň ähli paslynda ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýär. Köpugurly sport toplumlarydyr meýdançalar türgenleşikleri geçirmek, halkara ýaryşlary guramak babatda ähli zerur şertleri özünde jemleýär. Bu bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň halkara sport merkezi hökmündäki derejesini artdyrýar. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Diýarymyzda ynsan saglygyny berkitmek, adamlaryň ömür dowamlylygyny artdyrmak, işjeňligi ýokarlandyrmak ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň üstünliklere beslenýändigini görkezýär.