GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Günbatar Türkmenistanda geofizikler meýilnamany 130 göterimden gowrak ýerine ýetirdiler
08.08.2026

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleri Türkmenistanyň günbatar sebitiniň känlerinde uglewodorod çig malynyň gözleg-agtaryş işlerinde ýokary netijeleri görkezýärler. Geçen hasabat döwründe müdirligiň önümçilik düzümleri 63 million manada golaý möçberdäki işleri özleşdirip, bellenilen meýilnamany 130 göterimden gowrak ýerine ýetirdiler. Bu bolsa meýilleşdirilen görkezijilerden takmynan 15 million manat köpdür.

Kärhana burawlanýan we işleýän guýularda geofiziki barlaglaryň esasy toplumyny geçirýär, şeýle hem önümli çuňluklarda zerur bolan atyş-partlaýyş işlerini alyp barýar. Barlaglaryň ýokary hili häzirki zaman maddy-enjamlaýyn binýady bilen üpjün edilip, ol Balkanabat şäherindäki barlaghanalardan, şeýle hem ýurdumyzyň ýolbaşçylygynyň goldawy bilen satyn alnan öňdebaryjy daşary ýurt enjamlary oturdylan ýöriteleşdirilen awtoulaglardan ybaratdyr.

Kärhananyň işgärler topary önümçiligiň depginlerini artdyryp, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny täze zähmet üstünlikleri bilen garşylamaga taýýarlanýar.