GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy täze tapgyra çykýar
06.08.2026

05-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na baş­lyk­lyk ed­ýän Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy In­ýa­sio Kas­si­s bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň alyp barýan işiniň möhüm meselelerini, Türkmenistan bilen bu Guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, şeýle hem Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ulgamlaýyn we amaly ugurly häsiýete eýedig bellenildi.

Taraplar Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ýokary derejeli sebit çärelerini geçirmek tejribesiniň mundan beýläk-de dowam etdirilmeginiň ähmiýetini nygtadylar, şeýle hem öň geçirilen bilelikdäki çäreleriň netijelerine oňyn baha berdiler. Mundan başga-da ýakyn wagtda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän, sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge we öňdebaryjy tejribe alyşmaga gönükdirilen birnäçe bilelikdäki çäreleri taýýarlamak meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Aşgabatdaky Merkezi bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynda Şweýsariýanyň başlyklyk etmeginde Guramanyň Sekretariaty, onuň institutlary hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi bilen mundan beýläk-de ýakyn we netijeli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.