5-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygy Inýasio Kassisi kabul etdi.
Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bildirilen myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy hem-de ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berdi. Şeýle hem myhman Aşgabat şäheriniň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözel binagärlik keşbiniň özünde ýakymly täsir galdyrandygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda bu sapara Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde möhüm tapgyr hökmünde garalýandygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýär. Şunda Türkmenistan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz häzirki wagtda ýurdumyz bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belläp, her ýyl Türkmenistanyň Hökümeti bilen bu guramanyň Aşgabatdaky merkeziniň bilelikde taýýarlaýan hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň esasynda işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda adam hukuklaryny, demokratik ýörelgeleri üpjün etmäge döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, bu ugurda degişli işleri dowam etdirmek we halkara tejribäni öwrenmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ilerletmegi maksadalaýyk hasaplaýandygyny aýtdy.
«Biziň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna howpsuz we ygtybarly iberilmegini üpjün etmek, durnukly ykdysady ösüş üçin şertleri döretmek, ulag mümkinçiliklerimizi doly ulanmak, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly ugurlarda hem hyzmatdaşlygy ösdürmäge oňyn şertlerimiz bar» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy hem-de Türkmenistanyň geljekde-de dünýäde parahatçylygy, ösüşi üpjün etmek ugrunda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasynda netijeli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini, bu babatda şweýsar tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, ýakynda bellenip geçilen Şweýsariýanyň Milli güni mynasybetli Inýasio Kassisi we ýurduň ähli halkyny ýene-de bir gezek gutlady.
Myhman gutlaglar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä nusgalykdygyny belledi hem-de Şweýsariýanyň özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygy Inýasio Kassis ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.







