GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmen bitumyna we buýan köküniň ekstraktyna birža söwdalarynda uly isleg bildirdi
06.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 5-nji awgustda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserninden «BND 60/90» kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn aldylar.

Daşarky bazarda serbiýaly telekeçiler türkmen işewürleri bilen buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 270 000 000 manada we 94 500 ABŞ dollaryna deň bolan 45 geleşik baglaşyldy.