GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Rumyniýa Türkmenistana AGRI gaz taslamasyny gaýtadan dikeltmegi teklip etdi
05.08.2026

Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasy türkmen gazyna Ýewropa bazaryna göni ýol açjak AGRI taslamasyny gaýtadan dikeltmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu barada Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Mihaý Daraban Türkmenistanyň ilçisi Annamämmet Annaýew bilen bolan duşuşykda mälim etdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar energetika hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini, şeýle hem Konstansa we Türkmenbaşy portlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Darabanyň sözlerine görä, Türkmenistanda eýýäm Hazar deňzine çykýan gaz geçirijisi bar, bu bolsa taslamany durmuşa geçirmek üçin tehniki esas döredýär. Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysynyň «Capital» neşirine beren düşündirişine görä, Konstansa porty Azerbaýjanyň we Gruziýanyň ulag infrastrukturasy arkaly, soňra bolsa BRUA (Bolgariýa–Rumyniýa–Wengriýa–Awstriýa) gaz geçirijisine birikdirilip, türkmen gazynyň Ýewropa girýän nokadyna öwrülip biler.

Daraban taslamany durmuşa geçirmek üçin iki ýurduň energetika pudagyndan kompaniýalary birleşdirip biljek işewürlik özenini emele getirmegiň zerurdygyny nygtady we häzirki ýewropa şertlerinde energetikanyň hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugurlarynyň biri bolup galýandygyny belledi.

Öz gezeginde Türkmenistanyň ilçisi Annamämmet Annaýew ýurduň jemi içerki önüminiň 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda 6,3% ösendigini we Türkmenistanyň tassyklanan tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýändigini habar berdi. Ilçiniň sözlerine görä, Türkmenbaşy we Konstansa portlarynyň hyzmatdaşlygy, şeýle hem Konstansa portunda türkmen harytlary üçin zonal paýlaýyş merkezini döretmek taslamasy iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň strategik esasy bolup biler diýip beýan etdi.

AGRI (Azerbaijan–Georgia–Romania Interconnector) taslamasy 2010-njy ýyllaryň başynda işlenip düzülipdi. Onuň ilkinji görnüşinde Azerbaýjandan gaz geçirijiler arkaly tebigy gazyň Gruziýa gelmegi, soňra Gara deňziň kenaryndaky terminalda suwuklandyrylyp, tankerler arkaly Konstansa eltilmegi göz öňünde tutulypdy. Şol ýerde ýangyjy ýene gaz görnüşine öwrüp, Rumyniýanyň gaz geçiriji ulgamyna, ondan hem Wengriýa we beýleki Ýewropa ýurtlaryna ugratmak meýilleşdirilipdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy