GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2026-2027-nji okuw ýyly üçin ilkinji talyplaryny kabul etdi
05.08.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2026-2027-nji okuw ýyly üçin ilkinji talyplaryny kabul etdi. Giriş synaglaryny üstünlikli tabşyran şahslaryň hataryna Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary Nurana Aşyrowa we Döwletgeldi Döwletgeldiýew girdiler.

Nurana Aşyrowa 2014-2026-njy ýyllar aralygynda Aşgabat şäheriniň 6-njy orta mekdebinde bilim aldy. Okuw ýyllarynda ol 2024-nji ýylda mekdep okuwçylary üçin halkara olimpiadasynda FISO (Future Intelligence Student Olympiad) iňlis dili dersi boýunça I orny eýeläp altyn medala mynasyp boldy. 2024-nji ýylda Nurana halkara TeenEagle bäsleşiginiň TeenEagle Online English Language Competition ugrunda II orny eýeledi, 2025-nji ýylda bolsa Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti tarapyndan geçirilen iňlis dili olimpiadasynyň ýeňijisi bolup, kümüş medala mynasyp boldy.

Döwletgeldi Döwletgeldiýew 2025-nji ýylda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Los Anjeles şäherinde geçirilen Halkara derejesindäki XCEL International Round bäsleşigine gatnaşyp, I derejeli Diplom bilen sylaglandy.

Talyplar ýurdumyzda döwrebap bilim almak we ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmek üçin ähli şertleriň döredilendigini belläp, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň we bilim ulgamynyň ösüşine öz goşantlaryny goşmak niýetini beýan etdiler.