Türkmenistanly talyplar 2026-njy ýylyň 27-nji iýulyndan 3-nji awgusty aralygynda Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde geçirilen 33-nji Halkara matematika bäsleşigine gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler.
Bäsleşik Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London uniwersitetiniň kollejiniň Bolgariýadaky Amerikan uniwersiteti bilen bilelikde geçirildi.
Türkmenistana bu abraýly halkara bäsleşiginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary wekilçilik edip, 6 sany altyn, 3 sany kümüş medallara mynasyp boldular.
Ýeri gelende belläp geçsek, 33-nji Halkara matematika bäsleşigine dünýäniň dürli ýurtlaryndan 450-ä golaý talyp gatnaşdy.







