2-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Hasabat ýygnagyna gatnaşanlar 1-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişini ara alnyp maslahatlaşdylar. Hasabat ýygnagyny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow açdy. Wise-premýer Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nebitgaz pudagynyň işgärlerine uly ynam bildirýändigini we toplumyň kämilleşdirilmegi hem-de durnukly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döredýändigini nygtady. Şunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna, topluma girýän edara-kärhanalaryň işine kämil enjamlaryň we innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ünsi çekdi.
Ýygnagyň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «TAPI Pipeline Company Ltd» kompaniýasynyň Baş direktory Muhammetmyrat Amanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Berdimyrat Amanow hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat bilen çykyş etdiler.
Ýygnagyň dowamynda «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistanyň gaz geçirijisiniň Serhetabat–Hyrat esasy böleginiň gurluşygyny döwrüň talaplaryna laýyklykda alyp barmak meselelerine aýratyn üns berildi. Şunda bu ýerde alnyp barylýan işleri häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda dowam etdirmek babatda aýratyn bellenilip geçildi.
Hasabat ýygnagyna gatnaşyjylar nebitgaz pudagynyň mümkinçiliklerini mundan beýläk-de artdyrmak boýunça tabşyryklary jikme-jik seljerdiler. Ösüş ugry täze känleri ýüze çykarmak üçin geologiýa-gözleg we buraw işlerini güýçlendirmegi, şeýle hem gazylyp alynýan çig malyň göwrümini we hilini ýokarlandyrmagy öz içinde alýar. Mundan başga-da, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek we pudagyň zähmetkeşleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ilkinji derejeli wezipeler hökmünde kesgitlendi.
Wise-premýer Guwanç Agajanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilýän iri taslamalary hemişe gözegçilikde saklamagyň, pudagyň işine sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmagyň, önümçilik meýilnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, howa şertlerine görä, netijeli işleri geçirmegiň zerurdygyny belledi.
Ýygnagyň ahyrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde wajyp wezipeleri kesgitledi hem-de pudagyň işgärlerine nebitgaz senagatyny ösdürmekde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan wezipelerini netijeli çözmekde zähmet üstünliklerini arzuw etdi.







