Geçen hepde Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Türkmenistanyň işewü toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPPD 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Şeýle hem geçen hepde Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazara buýan köküniň goyy ekstrakty, pagta übtügi we portlandsement ýerlenildi.
Daşarky bazarda nah matany, pagta süýümini, çig ýüplügi satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Olar Gyrgyzystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE), Türkiýe Respublikasynyň we Azerbaýjanyň telekeçileri tarapyndan satyn alyndy.
Nah ýüplügi içerki we daşarky bazarlarda ýokary islege eýe boldy.







