GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda nebit çykarmagyň meýilnamasy 108,7 göterim ýerine ýetirildi
03.08.2026

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda nebit çykarmagyň meýilnamasy 108,7 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada 1-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde w-se-premýer Guwanç Agajanow hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 105,5 göterim ýerine ýetirildi.

Benzin öndürmegiň meýilnamasy 121,6 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 113,5 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100,2 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 103 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça 122,6 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 108,1 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny özleşdirmek işlerini netijeli alyp barmagyň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýer Guwanç Agajanowa toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmagy tabşyrdy.