GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylyň ýedi aýynyň jemleri boýunça Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi
03.08.2026

1-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, geçen ýedi aýyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 7-si we Mejlisiň kararlarynyň 12-si kabul edildi.

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şeýle hem raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän Kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek barada öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwany, Halk Maslahatynyň Diwany, Ministrler Kabineti, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde degişli işler alnyp barylýar.

Mejlisde daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň 7-si kabul edildi.

Şeýle hem dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 25-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 82-sine gatnaşdylar. Kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 16-sy amala aşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek, kanunçylyk işini döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Soňra gözegçilik edýän toplumynda şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýedi aýda alnyp barlan işleriň gowy netijeleri görkezendigini, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeleriň netijeli alnyp barylýandygyny, önümçilik pudaklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz jemi içerki önümiň ösüşiniň hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Şeýle hem «Ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigini aýratyn bellemek isleýärin» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz 1-nji awgustdan ýolbaşçylaryň zähmet rugsadynyň başlanýandygyny, olaryň ýurdumyzyň şypahanalarynda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda saglygyny berkidip, dynç alyp biljekdiklerini aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow zähmet rugsady döwründe ýolbaşçylaryň ählisine gowy dynç almagy arzuw etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.