3-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Gyrgyz Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Gyrgyzystanyň Yssyk-köl welaýatyna ugramak üçin ir bilen Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Birnäçe wagtdan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň uçary sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Yssyk-köl Halkara howa menziline gelip gondy.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew we ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Gyrgyzystanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi mizemez dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni sammitiň geçirilýän ýerine — Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Çolpon-Ata şäherindäki döwlet kabulhanasynyň Kongresler merkezine ugrady. Kongresler merkezinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow mähirli garşylady. Döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, bu ýerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygy geçirildi.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow sammite gatnaşyjylary mähirli mübäreklemek bilen, çakylygy kabul edip Gyrgyzystana gelendikleri üçin hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem ol şu ýyl Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda Türkmenistanyň başlyklyk edýändigini aýdyp, muňa ýokary baha berdi hem-de Awazada geçiriljek konsultatiw duşuşyga çakylygy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem öz çykyşynda XXI asyrda Merkezi Aziýany ösdürmek maksady bilen, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama Türkmenistanyň goşulandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan etdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyşynyň başynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa bildirilen myhmansöýerlik we duşuşygyň guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, duşuşyga gatnaşyjylara türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, duşuşygyň netijeli geçmegi baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz Yssyk-kölüň kenarynda täze, ajaýyp desgalaryň açylmagy bilen gyrgyz tarapyny gutlap, bu döwrebap infrastrukturanyň diňe bir kölüň kenarýakasyny bezemek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitiň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürmek üçin hem kuwwatly itergi boljakdygyna ynam bildirdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz duşuşykda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewi mübärekläp, geçen ýyl Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda Azerbaýjanyň bu formata doly hukukly gatnaşmagy baradaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilendigini aýtdy hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewi we dostlukly ýurduň halkyny bu waka bilen ýene-de bir gezek gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam edip, döwletara hyzmatdaşlygyň bu täze altytaraplaýyn guralynyň halklarymyzy we ýurtlarymyzy has-da ýakynlaşdyrmaga, doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine, bilelikdäki mümkinçilikleri ulanmak arkaly hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýurdumyz bu ähmiýetli waka örän jogapkärçilikli çemeleşip, sammitiň netijeli, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur işleri amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň gatnaşyjy döwletlere duşuşygyň gün tertibiniň taslamasyny iberendigini, onda esasy bäş ugruň öz beýanyny tapýandygyny aýtdy. Hususan-da, gün tertibinde möhüm sebit we halkara parahatçylyk, durnuklylyk, howpsuzlyk meseleleri boýunça pikir alyşmalar; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak; söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, durnukly ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek; daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, Aral deňzini gaýtadan dikeltmek ulgamynda tagallalary utgaşdyrmakda bilelikdäki çäreler; medeni, ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmek, talyp we ýaşlar alyşmalaryny giňeltmek ýaly ugurlar bar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu teklip edilýän meseleleriň Merkezi Aziýa ýurtlary we Azerbaýjan üçin möhüm ähmiýete eýediginden ugur alýandygyny aýtdy hem-de Awazada sammite taýýarlyk görülýän hem-de onuň geçiriljek günlerinde birnäçe halkara forumlaryň we medeni çäreleriň guraljakdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň ahyrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň şeýle halkara duşuşyklary guramaga hem-de geçirmäge, ozal hem bolşy ýaly, jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynam bildirdi hem-de ähli döwlet Baştutanlaryna hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändikleri üçin ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Çykyşlar tamamlanandan soňra, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Çolpon-Ata Jarnamasyna gol çekildi. Jarnamada döwlet Baştutanlary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky sebit hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynyň bu ýurtlaryň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigini, sebitde durnuklylygy hem-de abadançylygy üpjün etmäge ýardam berýändigini nygtap, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge ygrarlydyklaryny tassyklaýarlar.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutanlary bilen bilelikde Yssyk-köl welaýatynyň Kara-Oý obasynda «Baku» myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda belent mertebeli myhmanlar täze desgada döredilen mümkinçilikler we şertler bilen tanyşdylar.
Ýurdumyzda hem syýahatçylyk pudagynyň yzygiderli ösdürilýändigini bellemek gerek. Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ýokary derejeli dynç alyş infrastrukturasyny özünde jemleýär.
Gyrgyz Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Watanymyza ugramak üçin Yssyk-köl Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew we ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary ugratdylar.
Birnäçe wagtdan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagy Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýada hem-de goňşy sebitlerde parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýandygynyň nobatdaky aýdyň mysaly boldy.







