GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmen halkynyň Milli Lideri «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy
30.07.2026

29-njy iýulda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, olaryň okuw-türgenleşikleri we durmuşy bilen içgin gyzyklandy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz toparyň agzalarynyň öňde boljak halkara ýaryşlarda şowly çykyş etmegine ak pata berdi. Bu bolsa atçylyk sportuna ykbalyny baglan ýaşlary täze belentliklere, beýik ýeňişlere ruhlandyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna ýurdumyzyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen bagly çärelere taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Toparyň başlygy Gahryman Arkadagymyz bu ugurda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli guramaçylyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklap, bu barada gymmatly maslahatlaryny berýär.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşlaryň diňe bir türgenleşikleri däl, eýsem, okuwlary, durmuşy we ene-atalarynyň ýagdaýy bilen hem içgin gyzyklandy. Bu bolsa ýurdumyzda ýaşlar, olaryň geljegi we hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň rowaçlanmagy ugrunda uly alada edilýändigini görkezýär. Gahryman Arkadagymyz toparyň her bir agzasy bilen içgin söhbetdeş boldy, olaryň geljekki maksatlary barada gyzyklandy. Munuň özi ýaşlaryň öňde boljak ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynda üstünlik gazanmaklary üçin türkmen halkynyň Milli Lideriniň ak patasy hökmünde kabul edildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek ugrundaky tagallalary, bedew atlara erk etmekdäki nusgalyk göreldesi, öwüt-ündewleri ýaşlary täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Häzirki döwrüň ýaşlary baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň röwşen geljeginiň kepilidir. Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ähmiýeti, ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilişi barada aýdyp, döwletimizde ýaş nesiller üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigine ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary at çapmagyň, çylşyrymly hereketleriň ussady hökmünde ykrar edilen ýaşlardan ybaratdyr. Toparyň dürli ýyllardaky gazanan ýeňişleri türkmen halkynyň Milli Lideriniň çäksiz aladasynyň, parasatly öwüt-ündewleriniň, nusgalyk göreldesiniň netijesidir.

Duşuşygyň barşynda Gahryman Arkadagymyz halkara çärelerde Türkmenistanyň abraýyny belende göterjek oglan-gyzlar bilen gürrüňdeş bolup, toparyň agzalarynyň üstünlikli çykyş etmekleri ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur şertleriň döredilýändigini belledi we olaryň halkara çärelerde öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, üstünlik gazanmaklaryny, türkmen tuguny belentde parlatmaklaryny arzuw etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toparyň agzalarynyň halkara ýaryşlarda halkymyza mahsus merdanalygy, ussatlygy we saýlap alan hünärine bolan yhlasyny görkezjekdiklerine ynam bildirdi hem-de Watanymyzyň hemişe ýaşlaryň beýik maksatlaryna goldaw berjekdigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz duşuşygyň barşynda ýaşlaryň Watanymyzyň abraýyny goramaklary, ony jandan eziz görmekleri barada maslahatlaryny berdi.

Halkara bäsleşikler jemlenenden soňra, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň dabaralary ýaýbaňlandyrylar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda atçylyk we atly sport çäreleriniň ýokary derejede geçiriljekdigine, ahalteke bedewleriniň toý-baýramlaryň bezegine öwrüljekdigine, toparyň çykyşlarynyň şanly wakalary has-da dabaralandyrjakdygyna ynam bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri halkara çärelerde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň täze oýunlary we çylşyrymly hereketleri bilen dünýäni haýrana goýmaklaryny arzuw etdi. Munuň özi behişdi bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki abraýynyň belende galmagyny üpjün eder.

Toparyň agzalary döwlet derejesinde döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, özlerine bildirilýän ynamy abraý bilen ödäp, öňde boljak halkara bäsleşiklerde täze ýeňişleri gazanyp, ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratynyň has-da belende galmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlara milli atçylyk sportuny ösdürmekde, ony dünýä ýaýmakda mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.