GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň nebitçileri ýylyň başyndan bäri 610 müň tonnadan gowrak nebit çykardylar
28.07.2026

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy dabaraly belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň başyndan bäri «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça önümçiligiň ösüş depgininiň ep-esli ýokarlanmagynda «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň zähmet toparlarynyň mynasyp paýy bar. Muňa häzirki zaman dünýäsiniň kämil enjamlarydyr desgalary bilen üpjün edilen kärhanada şanly ýylymyzyň başyndan bäri gazanylan netijeler hem doly şaýatlyk edýär. Has takygy, gürrüňi edilýän müdirlik boýunça hereket edýän guýulardan alnan «gara altynyň» möçberleri 610 müň 234 tonna barabar boldy. Şonuň netijesinde bu ýerde gazanylan ösüş depgini 105 göterimden hem geçdi.

Göz öňünde tutulandan 61 müň tonna nebit çig malyny artyk çykaran müdirligiň nebitçileri häzirki günlerde iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti