GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ara alnyp maslahatlaşyldy
28.07.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti, Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanda ýetilen sepgitler hem-de ata Watanymyzyň ýangyç-energetika pudagynda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen syýasy gepleşik ýazgy edildi.

Gepleşige Türkmenistanyň Mejlisiniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, nebitgaz toplumynyň hünärmeni hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda iň ýokary wekilçilikli edara bolmak bilen, döwlet derejesindäki binýatlayjy kararlaryň kabul edilýän mekanydygyny, ýangyç-energetika toplumynyň bolsa Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň «altyn sütüni» bolup durýandygyny belläp geçdiler.

Bilşimiz ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen 2026-njy ýylda hem her ýylda däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň öňisyrasynda, has takygy 23-nji sentýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ähli halk bu şanly dabarany, ählumumy mejlisi ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işlerine agzybirlikde işjeň gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilýän kararlar ýangyç-energetika pudagynyň diňe bir ykdysady binýadyny berkitmän, eýsem ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýyny, energetika durnuklylygyny hem-de milli eýeçiligi täze belentliklere göterýär. Pudaga dünýä derejesindäki innowasiýalaryň girizilmegi we milli bähbitlere esaslanýan energetika syýasaty geljekki nesiller üçin uly binýat döredýär.