GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Ýangyç-energetika toplumy türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar
28.07.2026

27-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerdi kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine Eýranda möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerd Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Eýrana amala aşyran saparynyň we onuň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem-de Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen geçiren duşuşyklarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berendigini belledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerdiň ýurdumyza saparynyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçirjek duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesine eýermek bilen, dünýä ýurtlary hem-de abraýly halkara guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyz goňşy döwletler bilen dostluk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary alyp barýar.

Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklar taryhyň jümmüşinden gözbaş alýan medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasy Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýarlar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklar döwletara gün tertibiniň möhüm bölegi bolup durýar. Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy we ulag-kommunikasiýa ýaly pudaklarda netijeli we özara bähbitli gatnaşyklar ösdürilýär. Hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli işjeňleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler özara hyzmatdaşlygy giňeltmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň möhüm ornuny bellediler. Bu toparyň alyp barýan işi hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini we ugurlaryny açmaga hem-de ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri ýerine ýetirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri hanym Farzane Sadeg Malwajerd netijeli döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.