GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işlerini ara alyp maslahatlaşdy
28.07.2026

27-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmaga görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde welaýatlaryň galla oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş we topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we bugdaý tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, gowaça meýdanlarynda zyýan berijilere garşy göreş çäreleri geçirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatlarda güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişi dowam edýär. Ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleri ýerine ýetirilýär. 2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkimler Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň, hususan-da, gowaça ideg etmek we zyýan berijilere garşy göreşmek çäreleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, şeýle hem bugdaý ekişine taýýarlyk görmek işleriniň guramaçylykly alnyp barylmagynyň, önüm öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkimlere anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen birlikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmaga görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde häzirki wagtda galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek we tekizlemek, şeýle hem ýokary hilli bugdaý tohumlaryny möwsüme taýýar etmek işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak işleri alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, güýz möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriniň ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyz boýunça gowaça ekilen meýdanlara ideg etmek hem-de zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak, bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de alnyp barylýan agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.