GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan we Koreýa Respublikasy himiýa Senagatynda hyzmatdaşlygy berkidýärler
27.07.2026

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy Resul Myradow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Li Won-Je bilen duşuşyk geçirdi.

Taraplar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda himiýa pudagynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy koreý kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi.

Ilçi, öz gezeginde, Türkmenabatda fosfor dökünlerini öndürýän zawodyň gurluşygynyň taslamasynyň amala aşyrylmagyna beren goldawy üçin «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň ýolbaşçylygyna minnetdarlyk bildirdi we geljegi uly taslamalara koreý kompaniýalarynyň mundan beýläk hem işjeň gatnaşjakdygyna umyt bildirdi.

Taraplar bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin geljekde hem ýakyn aragatnaşygy saklamak barada ylalaşdylar.