GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Aşgabatda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum forumy geçiriler
25.07.2026

2026-njy ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçiriler, onuň esasy mowzuklarynyň biri ýurduň ýangyç-energetika kuwwatyny berkitmek bolar. Halkara çärä görülýän taýýarlyk barada Hökümetiň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Forumyň gün tertibinde ýurduň ýangyç-energetika toplumyna aýratyn orun berler — gatnaşyjylar nebitgaz senagatyny döwrebaplaşdyrmak we bu strategik pudaga daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem uglewodorod serişdelerini çykarmak we gaýtadan işlemek, «ýaşyl» energetika geçmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri üns merkezinde bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň milli ykdysadyýetine, ilkinji nobatda bolsa nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň ähmiýetini nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz forumy oktýabr aýynda geçirmek baradaky teklibi makullady we wise-premýer Hojamyrat Geldimyradowa çäräni ýokary derejede guramak barada degişli tabşyryklary berdi.