GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy geologiýa-gözleg ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär
25.07.2026

24-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Guwanç Agajanow «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ýerasty baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak maksady bilen, seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerini halkara tejribä laýyklykda ýerine ýetirmek babatda degişli çäreler görülýär. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Munuň özi ýerasty baýlyklary ýüze çykarmakda möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Diýarymyzda ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak, olary netijeli peýdalanmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýerasty baýlyklaryň gözlegi boýunça halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.