GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri boýunça birnäçe tabşyryklary berdi
25.07.2026

24-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň goralmagy, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy, döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak boýunça Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri, goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Mejlisde halkara guramalar, daşary döwletleriň parlamentleri bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Hususan-da, milli parlamentde Türkmenistana sapar bilen gelen Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Onda iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM), Halkara Migrasiýa Guramasynyň (HMG) ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren duşuşyklaryna, okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek, kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, geljekki çärelere görülýän taýýarlyk we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabatlar bilen çykyş etdiler. Şeýle hem wise-premýerler döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürlediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, hödürlenen teklipleri makullady we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarlaryna birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.