GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde resminamalary kabul etmek möwsümi gyzgalaňly dowam edýär
24.07.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 2026/2027-nji okuw ýyly üçin hünärmen hem-de bakalawr maksatnamalary boýunça dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek işleri çalt depginde dowam edýär. Dalaşgärler üçin täze döredilen dalasgar.bilim.tm onlaýn platformasynyň 23-nji iýul boýunça berýän maglumatlaryna görä, uniwersitet boýunça bellenilen 1400 okuw ornuna eýýäm 1464 sany dalaşgär tarapyndan resminamalar tabşyryldy.

Ýokary okuw jaýyna orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary bäsleşik esasynda kabul edilýär. Bütin okuw maksatnamalarynyň hatarynda uniwersitetde iňlis dilinde okadyljak birnäçe täze ugurlar hem hödürlenýär. Bu ugurlary saýlap alýan dalaşgärler üçin goşmaça dil taýýarlyk testi, zerur bolan ýagdaýynda bir ýyllyk dil taýýarlygy okuwy hem göz öňünde tutulýar.

Dalaşgärleriň resminamalary welaýat merkezlerinde hem-de Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2026-njy ýylyň 13 — 26-njy iýuly aralygynda kabul edilýär. Okuwa girmäge arza tabşyrmak üçin pasport, harby şahadatnama, bilim hakynda resminama, saglyk kepilnamasy we häsiýetnama ýaly esasy resminamalaryň asyl nusgalary hem-de göçürmeleri talap edilýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul etmek boýunça çäreler Aşgabat şäherinde ýerleşýän uniwersitetiň öz binasynda 2026-njy ýylyň 29-njy iýuly bilen 13-nji awgusty aralygynda welaýatlar we şäherler boýunça bellenilen aýratyn günlerde geçiriler. Synaglar saýlanyp alnan hünäre görä fizika, matematika, himiýa, iňlis dili hem-de Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça dilden döwlet dilinde guralar. Bellenilen synaglara esassyz sebäplere görä gelmedik ýa-da şowsuz bolan dalaşgärler indiki tapgyrlara goýberilmeýär.

Kabul edişligiň şertleri we beýleki giňişleýin maglumatlar bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň resmi internet saýtynda tanşyp bilersiňiz.