Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin «Sinopec Petroleum Technology Corporation» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasyna baryp gördi. Bu kompaniýa Hytaýyň iň iri nebiti gaýtadan işleýän we nebithimiýa kompaniýasy bolan «Sinopec Group»-yň ýöriteleşdirilen kömekçi gurluşy bolup, nebit hem-de gaz çykarmak boýunça taslamalara guýulary burawlamak, tehniki hyzmat etmek we inženerçilik goldawyny bermek ýaly hyzmatlary hödürleýär.
Diplomat kompaniýanyň önümçilik we hojalyk işleri bilen tanyşdy. Şunda ilçi «Sinopec Petroleum Technology Corporation» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň energetika ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşýan goşandyna ýokary baha berdi. Ol Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen Türkmenistanyň Beýik ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça durmuşa geçirýän strategiýasynyň utgaşdyrylmagynyň çäklerinde açylýan taryhy mümkinçiliklerden peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Szi Şumin hojalyk işleri geçirilende kadalary berjaý etmäge, şeýle hem taslamalaryň hiline berk gözegçilik etmäge çagyrdy.







