Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella şanly 85 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris hem-de bu gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Italiýanyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýarys» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hatynda belleýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezident Serjio Mattarella berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Italiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.







