14-nji iýulda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlaryndan we talyplaryndan düzülen topar «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini hem-de hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçmek üçin Malaýziýa ugrady.
«PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň Ýöriteleşdirilen okuw merkezi 2 hepdelik okuw-önümçilik tejribeligini we 1 hepdelik hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny öz içine alýan okuw maksatnamasyny işläp düzdi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary täze tehnologiýalary işläp düzmek, önümçilige sanly tehnologiýalary we emeli aňy ornaşdyrmak bilen bagly degişli ugurlar boýunça bilim alarlar. Olar şeýle hem Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetinde okuwyň guralyşy we bu ýokary okuw mekdebiniň düzümi bilen tanyşarlar.
Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetinde geçilýän bilim we önümçilik tejribeligi talyplar üçin uly ähmiýete eýedir, ol olaryň nazary bilimlerini amaly başarnyklary bilen baýlaşdyrmaga ýardam eder. Mugallymlar üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary bolsa mugallymçylyk işinde dünýäniň öňdebaryjy tejribesini yzygiderli ornaşdyrmaga kömek eder.







