Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 10-njy iýulynda şu ýylyň geçen alty aýynda Türkmenistanda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumyna degişli kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, geologiýa-gözleg işlerini geçirmek, täze uglewodorod ýataklaryny ýüze çykarmak işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek işlerini ilerletmegiň möhümdigini aýratyn belläp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şondan ugur alyp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleriniň işçi-hünärmenleri has-da ruhubelent zähmet çekýärler. Konsern boýunça şanly ýylymyzyň geçen ýarym ýylynda ýeriň jümmüşinden alnan «gara altynyň» möçberi 2 million 53 müň tonna golaýlady. «Nebitgazçykaryş» trestiniň müdirlikleri boýunça hasabat döwri üçin bellenilen meýilnama goşmaça 155 müň 800 tonna barabar nebit çykarylyp, tabşyryk 108,5 göterim amal edildi. Şeýle hem konserniň deňiz ýakasynda iş alyp barýan «Hazarnebit» döwlet kärhanasy boýunça meýilnamadan daşary çykarylan «gara altynyň» möçberi 1 müň 227 tonna barabar boldy. Şonuň ýaly-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tutuş konsern boýunça nebit çig malyny çykarmakda gazanylan ösüş depgini 101 göterime golaýlady. Gürrüňi edilýän hasabat döwründe nebitgaz çykaryş müdirlikleri tarapyndan 2 milliard 454 million 626 müň kub metr tebigy gaz çykarylyp, sarp edijilere ýetirildi. Ugurdaş gazlaryň bol akymyny almakda «Körpeje» gaz çykaryş, «Keýmir», «Goturdepenebit» we «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirlikleri göreldeli işleri bitirdiler. Genji-känli ýataklardaky «gara altyny» çykarmakda «Keýmir» nebitgaz çykaryş müdirliginde gazanylan üstünlik has-da tapawutly boldy. Bu kärhana boýunça geçen hasabat döwründe hereket edýän guýulardan alnan nebit çig malynyň möçberi 236 müň 613 tonna ýetirilip, tabşyryk 122 göterim ýerine ýetirildi.
Geçen alty aýda gazanylan üstünlikde konserniň «Goturdepenebit» we «Ýaşyldepe» nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň hem saldamly goşantlary bar. Bu öňdebaryjy kärhanalarda gürrüňi edilýän hasabat döwrüniň meýilnamalaryna, degişlilikde, 111 göterimden we 115 göterimden geçirilip amal edildi. Konserniň önümçilik düzümleriniň maddy-tehniki binýadynyň täze tehnikalardyr desgalar bilen yzygiderli berkidilip durulmagy hem bu gün gazanylýan üstünliklere aýgytly täsirini ýetirýär.
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallasy bilen köpugurly we kuwwatly göteriji desgalar bilen üpjün edilen döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň önümçilik düzümlerinde önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýularda düýpli abatlaýyş işleri ýokary hilli amala aşyrylýar. Täze tehnikalaryň kömegi bilen wagtlaýyn hereketsiz duran we hereket edýän nebitgaz guýularynda çylşyrymly abatlaýyş işlerini ýokary hilli amala aşyrmak hem-de düýpli abatlaýşa garaşýan guýulary öz wagtynda dikeldip, ulanyşa tabşyrmak üstünlikli ýola goýulýar. Şu ýylyň geçen alty aýynda gürrüňi edilýän trestiň müdirlikleri boýunça 216 sany guýuda düýpli abatlaýyş işleri amala aşyrylyp, olar önümçilige tabşyryldy. Gaýtadan hatara goşulan şol guýularyň hasabyna konsern boýunça goşmaça alnan nebitiň möçberi 93 müň 348 tonna barabar bolup, meýilnama 158 göterim amal edildi. Bu döwürde goşmaça alnan «mawy ýangyjyň» möçberi bolsa 210 million 96 müň kub metre deň boldy. Munuň özi meýilnamanyň 7 esse artygy bilen berjaý edilendigini aňladýar.
Ýangyç çig mallarynyň çykarylýan möçberleriniň yzygiderli artdyrylmagynda konserniň buraw işleri müdirlikleri aýratyn orun eýeleýär. Häzirki zaman dünýäsiniň has kämil we kuwwatly buraw desgalaryna eýe bolan döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestine degişli müdirlikler tarapyndan geçen hasabat döwründe gazylan dag jynslarynyň umumy çuňlugy 67 müň 516 metre ýetirilip, tabşyryk 112 göterime golaý amal edildi. Şunda geçen ýarym ýylda meýilnamadan artyk gazylan dag jynslarynyň umumy çuňlugy 7 müň 516 metre deň geldi. Şonuň ýaly-da, ulanyş we gözleg maksatly täze guýulary gazmagyň umumy meýilnamasyna hem abraý bilen hötde gelindi. Geçen alty aýda konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň müdirlikleri boýunça gazuw işleri üstünlikli tamamlanan täze guýularyň umumy sany 12-ä ýetdi. Munuň özi göz öňünde tutulandan 1 guýy köpdür. Şol täze guýularyň 11-siniň ulanyş maksatly guýulardygy hasam öwgä mynasypdyr. Senagat taýdan üstünlikli özleşdirilýän ol guýulardan häzirki wagtda her gijegündiziň dowamynda alynýan nebit çig malynyň möçberi ýüzlerçe tonna baryp ýetýär.
Döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda uglewodorod çig mallaryndan taýýarlanýan önümler bu gün hil babatda iň bir ýokary ülňülere doly gabat gelýändigi bilen tapawutlanýar. Yzygiderli döwrebaplaşdyrylýan we täze önümçilik desgalary bilen üznüksiz üsti ýetirilýän bu toplumda hem geçen hasabat döwründe nebit we nebithimiýa önümlerini taýýarlamakda oňat netijelere eýe bolundy. Zawodlar toplumyna gelip gowşan nebit çig malyny gaýtadan işläp, harytlyk görnüşine getirmegiň meýilnamasy 102 göterim berjaý edilipdir. Ýokary hilli benzinleriň dürli görnüşleriniň jemi 702,1 müň tonnasy, kerosiniň 202,4 müň tonnasy, dizel ýangyjynyň 728,5 müň tonnasy, polipropileniň 33,8 müň tonnasy, suwuklandyrylan gazyň 86 müň tonnasy, nebit bitumynyň 244,4 tonnasy, şeýle hem çalgy ýaglarynyň 28,7 müň tonnasy taýýarlanylyp, göz öňünde tutulan meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitçileri şu günler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda uly dabaralar bilen belleniljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygyna mynasyp zähmet sowgatly barmak maksady bilen netijeli zähmet çekýärler.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti







