GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy öz ynanç hatlaryny Prezident Serdar Berdimuhamedowa gowşurdy
21.07.2026

20-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Sýaoszýun Greýs Wany kabul etdi. Ol Arkadagly Gahryman Serdarymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Hanym Sýaoszýun Greýs Wan döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda Türkmenistanyň ösüşiň we özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Sýaoszýun Greýs Wany Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa Türkmenistan bilen Milletler Bileleşiginiň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde alyp barjak jogapkärli diplomatik wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Milletler Bileleşigi tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändigini belledi.

Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň gatnaşyk etmek Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli we ýokary netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyz parahatçylygy üpjün etmäge, öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga uly ähmiýet berýär. Energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmäge hem-de daşky gurşawy goramaga gönükdirilen möhüm başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Türkmenistanyň bu başlangyçlary halkara derejede giň goldawa eýe bolýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geçen ýyl ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara çäreleriň ýokary derejede geçirilendigini aýdyp, bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň gün tertibinde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşine uly orun berilýändigini nygtady. Bu geňeş parahatçylyk we howpsuzlyk, ykdysadyýet, durnukly ösüş, bilim, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer meseleler ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm bolup durýar.

«Ýurt meýilnamalaryna esaslanýan köpýyllyk hyzmatdaşlykda ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen birnäçe bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirdik we geçirýäris. Häzirki wagtda hyzmatdaşlygymyz «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasynyň» çäklerinde amala aşyrylýar. Maksatnama ýurdumyzyň BMG bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygynyň yzygiderli alnyp barylýandygyny görkezýär» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy we Türkmenistanyň halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerini çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň oňyn ornuna ýokary baha berýändigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda howanyň üýtgemegi we onuň zyýanly netijelerine garşy göreşmek meselelerine dünýä bileleşigi tarapyndan aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawy goramak ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelerde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Döwlet Baştutanymyz bu işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini, çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek barada degişli başlangyçlary öňe sürendigini belläp, ýurdumyzyň geljekde hem Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Sýaoszýun Greýs Wan Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hanym Sýaoszýun Greýs Wanyň alyp barjak jogapkärli işiniň Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, diplomata ýene-de bir gezek işinde üstünlikleri arzuw etdi.