GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
OGT 2026 halkara sergisi dünýä energetika jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyny tassyklaýar
21.07.2026

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly XXXI halkara maslahatynyň we sergisiniň öz işine başlamagyndan birnäçe aý öň sergi meýdançalarynyň ählisi dolulygyna satyldy.

Sergide gözleg we çykaryş, inženerçilik, gurluşyk, nebitgaz hyzmatlary, enjam öndürijileri, sanly tehnologiýalar, awtomatlaşdyryş, ekologiýa çözgütleri, logistika we hünär hyzmatlary ýaly ugurlarda işleýän milli hem-de halkara kompaniýalaryň mümkinçilikleri görkeziler.

Sergi ýerleriniň öňünden doly satylmagy kompaniýalaryň öz tehnologiýalaryny we tejribelerini tanyşdyrmaga, çözgüt kabul edijiler bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de Türkmenistanda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklaýar.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly XXXI halkara maslahaty we sergisi 21-23-nji oktýabrda Aşgabatda «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary bilen geçiriler. Olar «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy hem-de «Türkmen Energy Forum» hojalyk jemgyýeti tarapyndan guralýar.

30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda OGT döwlet edaralarynyň, milli we halkara energetika kompaniýalarynyň, maýa goýum jemgyýetçiliginiň, ylmy guramalarynyň wekillerini hem-de pudagyň öňdebaryjy hünärmenlerini bir ýere jemleýän halkara pudaklaýyn meýdançalaryň biri bolmagyna galýar.