GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
150-den gowrak daşary ýurtly wekil «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» maslahatyna gatnaşjakdygyny tassyklady
21.07.2026

Häzirki wagta çenli 150-den gowrak daşary ýurtly wekiliň «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» halkara maslahatyna gatnaşjakdygy tassyklanyldy. Olaryň arasynda döwlet düzümleriniň, milli nebitgaz kompaniýalarynyň, halkara operatorlaryň, hyzmat ediş kärhanalarynyň, maliýe institutlarynyň, maýa goýum guramalarynyň we döwrebap tehnologik çözgütleri üpjün edijileriň wekilleri bar.

Gatnaşyjylaryň sany yzygiderli artýar. Bu bolsa halkara işewürlik jemgyýetçiliginiň Türkmenistana Ýewraziýanyň esasy energetika merkezleriniň biri hökmünde ynam bildirýändigini tassyklaýar hem-de ýurduň nebitgaz pudagynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň geljegine bolan gyzyklanmanyň artýandygyny görkezýär.

OGT 2026-nyň çäklerinde dünýäniň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň wajyp meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylar.

Gatnaşyjylaryň üns merkezinde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň geljegi, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki deňiz taslamalaryny ösdürmek, geologiýa-gözleg we uglewodorodlary çykarmak işlerine döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, tebigy gazy gaýtadan işlemek we gazhimiýa senagatyny ösdürmek boýunça taslamalar, maýa goýumlary çekmek, pudagy sanlylaşdyrmak, emeli intellekti ulanmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we metan zyňyndylaryny azaltmak meseleleri bolar.

Halkara maýa goýum hyzmatdaşlygy, innowasion tehnologiýalary ösdürmek hem-de döwlet düzümleriniň, milli nebitgaz kompaniýalarynyň, halkara energetika korporasiýalarynyň we maliýe institutlarynyň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek meselelerine aýratyn üns berler.

Baý mazmunly işewürlik maksatnamasy bilen bir hatarda, gatnaşyjylara amaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge we täze bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklary, B2G we B2B formatlaryndaky gepleşikleri geçirmek üçin giň mümkinçilikler dörediler.