GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Türkmengaz» döwlet konsernine tehniki enjamlary satyn almak boýunça «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
20.07.2026

«Türkmengaz» döwlet konsernine garamagyndaky edara-kärhanalar üçin zerur bolan möçberdäki tehniki enjamlary satyn almak boýunça «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 18-nji iýulda gol çekdi.

Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi.