Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Guwanç Agajanow «Türkmengaz» döwlet konserniniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu ugurda geçirilýän netijeli işler türkmen tebigy gazyny içerki sarp edijilere hem-de eksport ugurlaryna ygtybarly akdyrmaga ýardam edýär. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary, hususan-da, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň degişli kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň türkmen-german işewürligini ösdürmek babatda döredip berýän şertleriniň aýdyň netijesidir.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny nygtady.







