GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Birža söwdalarynda Türkmenistanyň nebitgaz we oba hojalyk toplumlarynyň önümlerine isleg bildirilýär
20.07.2026

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň önümlerine içerki we daşarky bazarlarda isleg bilirildi.

Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserninden «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda Owganystanly telekeçiler bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Mundan başga-da geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň önümlerine içerki we daşarky bazarlarda pagta süýümi, pagta ýagynyň çökündisi, birinji hilli arassalanan pagta ýagy, pagta galyndylary, nah kreton çig mata we dokma önümleri ýerlenildi.