18-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalardan we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgelerinden ugur alnyp, şeýle hem ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipler seljerilip, Türkmenistanyň täze kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak we hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Mejlisde Keniýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edilip, iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem halkara guramalar we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen ýola goýlan gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalary Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümleriniň işini kämilleşdirmek, geljekki çärelere taýýarlyk görmek we öň berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek barada hasabatlar bilen çykyş etdiler. Wise-premýerler şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipleri hödürlediler.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňledi we hödürlenen teklipleri makullamak bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna degişli tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.







