17-nji iýulda Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Premýer-ministr Irakliý Kobahidzäniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Ir bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyz Tbilisi şäherindäki Gahrymanlar meýdanyna bardy. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy. Munuň özi geljek nesilleriň abadan durmuşy üçin şirin janyny pida eden gahrymanlary hatyralamak ýaly türkmen we gruzin halklaryna mahsus däpleriň dowamata atarylýandygynyň beýany boldy. Soňra Türkmenistanyň we Gruziýanyň Döwlet senalary ýaňlandy.
Gül goýmak dabarasyndan soňra, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gruziýanyň Hökümet binasyna ugrady. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze mähirli garşylady.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Gruziýada Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň döwlet saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem ol mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimihamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.
Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşmagynyň bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrandygyny, forumyň netijeleriniň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berjekdigini nygtady.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gruziýa döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzä iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda söwda-ykdysady, syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtlarymyzyň halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýdyp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny we halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin gruzin tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we ýurdumyzyň wekiliýet agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanymyzyň şu saparynyň ähmiýetini belledi we onuň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze 2015-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň Gruziýa amala aşyran saparynyň özara gatnaşyklaryň ösüşiniň binýadyny goýandygyny aýtdy we häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen bu hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilýändigini belledi. Ol Türkmenistana üç gezek sapary amala aşyrandygyny aýtdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, saparlar wagtynda bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi we şu gün gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalaryň hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça giňeltmek babatda täze mümkinçilikleri açjakdygyny nygtady.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz adyndan we türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň adyndan bildirilen myhmansöýerlik üçin Gruziýanyň Hökümet Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belledi we bu saparyň iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi üçin Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzä minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde türkmen-gruzin dialogy toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, ol iki halkyň we döwletiň uzak möhletli bähbitlerine esaslanýar. Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň, dostlugyň nusgasy bolup durýar.
Syýasy, söwda-ykdysady, durmuş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz saparyň çäklerinde gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumynyň hem muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini aýtdy. Şeýle hem iki ýurduň halkara düzümlerde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyna ýokary baha berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly hem-de netijeli ösdürilýändigini aýdyp, soňky döwürde haryt dolanyşygynyň depginli artýandygyny belledi. Bu işde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara topar möhüm orny eýeleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ulag we logistika ulgamlaryny hyzmatdaşlygyň esasy strategik ugurlary hökmünde kesgitläp, Türkmenistanyň gruziýaly hyzmatdaşlara Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, Günorta Aziýanyň bazarlaryna çykmaga ýardam bermäge doly taýýardygyny aýtdy. Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň gatnaşmagynda döredilýän «Lazurit» ulag geçelgesi hem ýene bir ähmiýetli, geljegi uly taslama hökmünde görkezildi.
Energetika ulgamynda-da Türkmenistanyň Gruziýa bilen hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçiliklerine gyzyklanma bilen garaýandygy, bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy tassyklanyldy. Syýahatçylyk pudagy hem hyzmatdaşlygyň möhüm bölegidir. Iki ýurduň işewürlik düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Saparyň çäklerinde guralan Türkmen-gruzin işewürlik maslahatynda anyk we geljegi uly teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde dünýä belli gruzin şahyry Şota Rustaweliniň heýkeliniň açylandygyny, Gruziýada hem türkmen medeniýetine, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine we mirasyna uly hormat goýýanlaryň köpdügini belledi. Iki ýurduň arasynda bilim-ylym ugurly gatnaşyklary ösdürmäge, esasy ýokary okuw mekdepleriniň, akademiki institutlaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn üns berilýär.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Gruziýanyň şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýmagy dowam etdirmegiň möhümdigini aýdyp, üç ýyl mundan ozal Arkadag şäheri bilen Gruziýanyň Telawi şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýmak barada Ylalaşyga gol çekilendigine ünsi çekdi we deňizýaka Türkmenbaşy hem-de Batumi şäherleriniň arasynda-da şeýle gatnaşyklary ýola goýmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi.
Çykyşynyň ahyrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz iki ýurduň arasyndaky dostluk we özara ynanyşmak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi hem-de bildirilen myhmansöýerlik, mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäni özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň beýan eden teklipleriniň ähmiýetini belläp, gruzin tarapynyň bu başlangyçlary bilelikde durmuşa geçirmäge, ulag-logistika, ýangyç-energetika, söwda-ykdysady ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Irakliý Kobahidze çakylyk üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň saparynyň Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günlerine gabat gelmeginiň aýratyn many-mazmuna eýe bolandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ol Gruziýanyň Türkmenistan bilen medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady hem-de çakylygy kabul edip, Gruziýa sapar bilen gelendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.







