Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine esasy hyzmatdaş hökmünde gatnaşjakdygyny resmi taýdan tassyklady. Bu barada OGT 2026-nyň guramaçylyk topary habar berýär.
SOCAR-yň esasy hyzmatdaş hökmündäki gatnaşmagy, OGT-nyň energetika pudagynda dialog, maýa goýumlar we strategik hyzmatdaşlyk üçin Türkmenistanyň öňdebaryjy halkara platformasy hökmündäki ornuny has-da berkidýär. Ol dünýäniň dürli künjeklerinden hökümetleri, milli nebit kompaniýalaryny, halkara operatorlaryny, maýadarlary we tehnologiýa liderlerini jemleýär.
Şeýle hem, OGT 2026-a taýýarlyk işleriniň çalt depginler bilen dowam edýändigi habar berilýär. Maslahat maýa goýum mümkinçiliklerini, sebitleýin energetika hyzmatdaşlygyny, deňiz ýataklaryny özleşdirmegi, gazy pullaşdyrmagy (monetizasiýa), nebithimiýasyny, sanly özgerişi, metan zyňyndylaryny azaltmagy we energetikanyň durnukly ösüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin ministrleri, ýokary derejeli hökümet resmilerini, milli we halkara energetika kompaniýalaryny, maýadarlary, maliýe institutlaryny, inženerçilik guramalaryny we tehnologiýa üpjün edijilerini jemlär.
Şu günki güne çenli 20-den gowrak ýurtdan 100-den gowrak halkara wekili özüniň gatnaşjakdygyny tassyklady we konferensiýa ýakynlaşdygy saýyn bellige almalaryň sany artýar.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» XXXI halkara maslahaty we sergisi 2026-njy ýylyň 21–23-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler. OGT 2026 forumyna gatnaşmak, wekilleri bellige almak, sergi mümkinçilikleri we hyzmatdaşlyk maksatnamalary barada giňişleýin maglumat www.ogt-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirildi.







